muzeý hakynda
BALKAN WELAÝATYNYŇ MAGTYMGULY ETRABYNDAKY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ MUZEÝI

       Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň merkezindäki Magtymguly Pyragynyň muzeýi 2015-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda açylyp ulanmaga berildi. Muzeýiň binasynyň gurluşyk işlerini ,,Hilal Mermer” hususy kärhanasy ýerine ýetirdi. Muzeý iki gatdan ybarat bolup, ýurdumyzda medeni ähmiýetli desgalary gurmagyň häzirki zaman binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanýar. Magtymguly Pyragy muzeýiniň umumy tutýan meýdany 28570 inedördül metre barabardyr.

       Muzeýiň birinji gatynda “Garaşsyzlyk”, “Tebigat” zallary, “Magtymgulynyň edebi mirasy” zaly, ikinji gatynda bolsa “Taryh we arheologiýa”, “Etnografiýa” zallary, kitaphana, 300 orunlyk mejlisler zaly, ýerleşýär. Muzeýiň ýerzemin gatynda gaznahanalar, rejeleýiş işlerini geçirmek üçin ussahanalar, barlaghanalar bar. “Garaşsyzlyk” zalynda Berkarar döwletimiziň ähli ulgamlarynda gazanylan uly üstünlikleri, ykdysady we medeni ösüşlerimizi görkezýän maglumatlar, suratlar, ýazgylar, dürli gymmatlyklar görkezilýär. “Tebigat” zalynda Balkan welaýatynda ýerleşýän döwlet goraghanalaryndaky haýwanat we ösümlik dünýäsiniň aýratynlyklary, täsin tebigy ýadygärlikler giňden beýan edilýär. “Magtymgulynyň edebi mirasy” zalynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşan, okan, syýahat eden ýerleri, onuň golýazmalarynyň nusgalary, edebi miras barada giňişleýin maglumatlaryň ýerleşdirilmegi, bu muzeýiň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bölümde akyldar şahyrymyzyň kanoniki şekilli onuň öz döwrüniň belli şahyrlary bilen içgin döredijilik gatnaşyklaryny beýan edýän dioramalar ýerleşdirilipdir. “Taryh we arheologiýa” zallarynda halkymyzyň taryhyna, ýaşaýyş-durmuşyna, medeniýetine, sungatyň eserlerine uly orun berilýär. “Etnografiýa” zalynda türkmen halkynyň köp asyrlyk durmuşyna mahsus bolan ekerançylyk, maldarçylyk, awçylyk, halyçylyk, zergärçilik, kulalçylyk bilen bagly maglumatlar ýörite ugurly dioramalar türkmen halkynyň baý we edebi milli mirasyny giňden açyp görkezýär. Muzeýiň binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň ussat heýkeltaraşlary tarapyndan döredilen nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Gurbanaly Magrupynyň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Gurbandurdy Zeliliniň, Seýitnazar Seýdiniň, Annagylyç Mätäjiniň heýkelleri oturdylypdyr, bu bolsa muzeýi görmäge gelýänler, hususan-da, ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýetli işleri gurmaga mümkinçilik berýär.

       Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň täze binasynyň gurluşygyna badalga berilmegi hem-de beýik şahyryň 290 ýyllyk toý-dabarasynyň Bitarap Watanymyzda we dünýä döwletlerinde giňden bellenilip geçilmegi türkmen Magtymguly Pyragynyň muzeýi geljekki nesillerimiz üçin türkmeniň baý medeni mirasyny, beýik Magtymgulynyň gaýtalanmajak we halkymyzyň aňynda öçmejek çuň mazmunly şygyrlaryny wagyz etmekde, ýaşlarymyzy milli ruhy kämilligiň nusgasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boljak ruhy merkeze öwrüler.

muzeýiň taryhy
1981
Magtymguly adyndaky ülkäni öwreniş muzeýi 1981-nji ýylda döredilýär.
1983
1983-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Magtymguly etrabynyň Magtymguly adyndaky ülkäni öwreniş muzeýi açylyp, ol ýerde welaýata degişli taryhy ýadygärlikler we durmuşy esbaplara degişli muzeý ekspozisiýasy hereket edýärdi.
1984
Magtymguly Pyragy muzeýiň şahamçasy 1984-nji ýyldan bäri Gerkez obasynda türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň muzeýi hereket edýär.
2015
2015-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň merkezinde Magtymguly Pyragynyň muzeý binasy dabaraly açyldy.
Wirtual syýahatyň aýratynlyklary
24/7 elýeter
Gije-gündiz internete birigip islendik ýerden wirtual syýahat etmek mümkinçiligi
Döwrebap
Muzeýde wirtual gezelenç etmek bu – dünýäde giňden peýdalanýan tejribedir.