Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi 2005-nji ýylyň 17-nji fewralynda açylyp ulanmaga berildi. Muzeýiň binasy Fransiýanyň „Bouygues“ firmasy tarapyndan arhitektor Rober Belonyň taslamasy boýunça, Galkynyş döwriniň „palasso“ (köşk) usulynda ýerine ýetirilen. Muzeýiň içki we daşky bezeginde gadymy we häzirki zaman häsiýetleri bar. Muzeýiň ekspozisiýasynda Ýurdumyzyň gadymy sungatyny, türkmen şekillendiriş sungatynyň ilkinji ägirtleriniň döreden gymmatly eserlerini, häzirki zaman türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň gaýtalanmajak täsin sungatyny, heýkel we keramiki eserleri halk köpçüligine görkezmek üçin niýetlenen esasy sungat ojaklarynyň biridir.
       Muzeýiň girelgesinde türkmeniň taryhynda öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň nakgaş we heýkel eserlerinde dogry we hakykylyk bilen geçirilen keşpleri, taryhy, milliligi beýan edýän eserler toplumy bilen başlanýar. Ekpozisiýada Türkmenistanyň gadymy döwürleriň, irki we orta asyrlyň şekillendiriş sungatynyň taryhy gatlaryndan söhbet edýän gymmatly ýeke-täk nusgadaky muzeý gymmatlyklarynyň toplumy, ilkinji suratkeşleriň döreden, türkmen durmuşy we sungaty barada giň maglumatlary berýän täsin eserleriniň ýygyndylary, XX-XXI asyrlara degişli türkmen halkynyň sungat eserleriniň ähli ugurlary boýunça ýagny nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk önümleri, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, keramika, haly gobelenler ýaly ajaýyp eserler görkezilendir.
       Muzeý ekspozisiýasynyň ikinji gatynda Günbatar Ýewropanyň sungatyna degişli bolan XIV- XIX asyr italýan, fransuz, nemes, golland, iňlis, ispan, rus hem-de gündogar halklarynyň suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň eserleri we sünnälenip ýasalan farfor önümleri ýerleşdirilendir.
       Mundan başga-da muzeýimizde wagtlaýyn sergiler bölümleri hem hereket edýär. Häzirki döwürde bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyzyň baýramçylyk dabaralary hem günsaýyn köpelýär. Her bir baýramçylyga döwlet ähmiýetli çärelere bagyşlanan wagtlaýyn sergilerde muzeýiň ýerzemin gatynda ýerleşýän gaznahanalaryndan eserler sergilenýär. Biziň muzeýimiz geljekki ýaş nesil suratkeşleriň, mekdep ýaşly okuwçylaryň hem gözýetimlerini giňeltmekde, Watanymyzyň sungatynyň geljekde hem ösüşlere beslenmekde wajyp orun tutýar.