2014-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy bilen birlikde Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan açylyp ulanylmaga berildi. Muzeý binasy ýarym aý şekilinde bolup onuň daşky diwarynyň ýüzünde bürünçden ýasalan güberçek görnüşinde şekillendirilen (relýeflerler) türkmen halkynyň taryhy maglumatlary şekillendirilendir. Muzeý ekspoziýasynda Aşgabat şäheriniň dürli döwürlerdäki şeýle-de Garaşsyzlyk ýyllaryndaky binalar bilen baglanşykly eksponatlaryň görnüşleri we olar baradaky maglumatlar görkezilen. Döwrebap görnüşde gurlan bu muzeý yzygiderli gelýän raýatlarymyza, dürli derejeli myhmanlara, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesle watançylyk ruhundaky düşünjäni bermekde uly täsir galdyrýar. Muzeýiň bölümleriniň diwarynda, monitorlarda şeýle-de golografik enjamynda Paýtagtymyzyň ozalky hem-de Garaşsyzlyk ýyllary bilen bagly binalaryň we Aşgabadyň keşbi barada maglumatlar ornaşdyrylan.
       1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gijede 1 sagat 12 minutda 9 bal derejeli güýçli ýer titremesi bolýar. Bu tebigy betbagtçylykda paýtagtymyzda ýaşaýan 198 müň adamdan 176 müň adam şehit boldy. Ekspozisiýada ýer yranmadan soňky pursatlar görkezilen: Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Opera we balet teatry, (hazirki Magtymguly adyndaky sazly drama teatry), M. Gorkiý adyndaky mugalymçylyk instituty, (häzirki TDU) Demirýol menzili, Ülkäni öwreniş muzeýiniň binasy we Änewdäki Seýitjemalletdin metjidiniň maketleri.
       Ekspozisiýada Aşgabat şäheriniň ýer titiremeden öňki görnüşi fotosuratlaryň üsti bilen görkezilen. Demirýol edarasy, Nebit we gaz edarasy, 12-nji orta mekdebi, Magtymguly şaýoly, Aşgabat şäheriniň we ýanaşyk obalarynyň kartasy hem-de Aşgabat şäheriniň 1939-nji we 1948-nji ýyllar aralygyndaky ilat sanawy görkezilen.
       Indiki bölekde Magtymguly şaýoly, Sazçylyk mekdebi, (häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň ozalky görnüşi) kinoteatr, sirk we teatrlaryň suratlaryny görmek bolýar. Şeýle-de diwarlarda Aşgabat şäheriniň ýer titiremeden öňki we soňky durky resmi fotosuratlar arkaly görkezilen. Beýleki doganlyk halklaryndan Aşgabada ýörite kömege gelnen fotosuratlary diwaryň soňky görnüşinde ýerleşdirilen. Bulardan başga-da bölümde Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gurulan dürli-dürli ajaýyp binalaryň görnüşiniň eksponatlaryny we wideo şekillerini monitorlarda görmek bolar. Myhmanhanalaryň, ministirlikleriň, jemgyýetçilik guramasynyň, lukmançylyk binalaryň we sport desgalaryň 3D fotosuratlary has hem özüne çekýär. Bu eksponatlar baradaky maglumatlary audiogid arkaly dürli dillerde diňlemek mümkinçilikleri hem döredilendir.